Benjamin Buttony görüp...

Kabir adamlar deryanyn kenarynda oturmak üçin dogar.Kabiri yyldyrymyn çarpmasy üçin.Kabirinin elleri çeperdir.Kabiri sungatçy ruha eyedir.Kimi suwda yüzer.Kimi elektronika düşüner.Kimi Shakespeare.Kimi ejedir,kimi kaka we kabir adamlaram durmuşy yazar…

 

Durmuşyn sana name bagyş etjegi hiçwagt belli bolmaz….

 

Aslynda dünyadaki ahli adamlar şol bir durmuşy yaşayar,dogulyar we ölyar.

Diymek,durmuşyn many we mazmuny önümize çykan pursatlardadyr.Esasanam duşumyzdan geçip gitmesine razy bolan pursatlarymyzda.

 

Dogulmak we ölmeklik arasyndaky yüzmünlerçe minutlar bizin hemmamiz üçin hazyna bolup duryar.Ömrünin ahyryna çenli her adam bagtly bolmak üçin yaşayar.

 

Eysem,bagt name???

 

Geçmişimize az salym syn edip,içinde özümiz bolan zaman böleklerini yatlap,hoş duygulary duyan mahalymyza mydamada duş geleris.Yada gelejege seredip birnaçe minutlap öz suratymyza seredip,keypimizin artanyny,yüzümüze şatlyk gonanyny duyarys.

Şol bize bagt paylan geçmiş we gelejegimizdaki birnaçe minutlar ,şol minutlary emele getiren sekuntlar,üytgewsiz bize degişli zaman bölejikleridir.

Şol zaman bölejikleri bize degişli bolşy yaly hemme kişade degişli

 

Uzyn bolmadyk ömrümin bir böleginde özümi bagtly duymagyma sebap bolan,sen,edil şol bagtly wagtymda name bilen meşgullanyardyn?!

Elbetde menin etyan adaty pişam bilendin…

 

Penjirame degip tasin ses etyan yagyş damjalarynyn owazyny dinlap kitap okayan mahalym diysen bagtlydym,sebabi şol wagtda senem elinde kitap bardy,belki.

Elim galamlykam hem şeyledi,elinde galam bardy.

Hyyalymda dine sen bardyn,belki sende hem şeyledir,sebabi bagtlydym.

 

Bu gün name üçindir,gulagyma yagyş sesi gelenok,kitap içgysgynç,galamym yazanok…

Sebabi sen,menden garaşsyz başga bir nabeletin bagtly zaman böleklerini dolduryan,yada tersine…

 

Şol gara günden bari,men bagtsyz yüzüm gülenok we agyr hassa yatyryn.Birwagtlar özümi bagtly,onatly duyan mahallarym indi taryhdan dine bir sahypa.Şol günlerimde mana yaran bolan galamym,kagyzym,bugünden son biribiri bilen tapyşmaz,bagtly bolmagym üçin bu zerur.

 

Durmuşyn mana bagşeden ol pursady garanky düyş deyin bir başlap gysga wagtdada yitdi gitdi.

 

Bu in sonky yazgym,in sonky syyam,in sonky kagyzym!

 

Yorum Yaz
Arkadaşların Burada !
Arkadaşların Burada !