Kadyr Nadip Öldi?

…Etrabyn haraba dönen demir döwme fabrikasynyn skladynda bugün ay gökgökdi we sessizdi.Sklatda hiçbir hereket bolmanlygy sebapli,ay şöhlesini kesjek tozan hem yokdy,ne bir şöhle ne bir kölege pasgelçlik beryardi.

 Gijanin birwagty hamygyp aglayan ses gögök ay şöhlesini yiti pyçak deyin kesip alysda yitdi gitdi.

 Etrabyn başyna buyruk suwçusy Kadyrdy aglayan,damagyna dolan sözleri çasgyn çykyardy we gayduwsyzdy.Duşmanyny bagyşlajaga menzemeyardi.Gaharly we gayduwsyzdy,yüzi apak we nursuzdy.Gepleyan mhaly dodaklary bükgüldeyardi,elleri titreyardi.Wagt geçdigiçe sözleri manysyny yitiryardi,düşnüksiz hümmülda öwrülyardi.Wagtal wagtal gygyryp goyberyardi.

Kadyr bugünki habary eşidip,çagyrylan yere baryp,in sonky gezek Jahana seredipdi,hemde uzyn uzyn onun syratyny synlapdy.Guwanypdy,melul bolup yzyna seretman dolanypdy.Dolanypdy emma bir yyl bari hiç narsanin ayak basmadyk yerine,köne skalada…

 Kadyr çep eli bilen öz boyuna den,öz göwresine kybapdaş,boydan başa ak geyinen bir adamy bokurdagyndan ebşitlap tutupdy.Sagelinde bolsa yiti pyçagy bardy we pyçagyn ujy ak eşikli adamyn çep engine çala çümdürilipdi.Ak eşiklinin çep enginden,edil pyçagyn ujundan gapgara gan akyardy.Gan ak eşigi kirledip öz yoluny tapypdy.

 Kadyr:

 -Mana name üçin yalan sözledin ha?Name üçin meni yakdyn,sabyr bermedin mana,sen küyüne düşüp öz ykbalymy  özüm çyzmaly boldum.Meni name üçin bu yola ugrukdyrdyn.Önüme böwet bolup ‘etme Kadyr,dur,dolan yzyna’diymedin.Emma bilyadin,sonundan habardardyn.Dine sana bil baglapdym,sen menin birinji dostum,özümden bir bölekdin…

Kadyr hem aglayardy hem ak eşiklini siltap gygyryardy:

-Mana aydypdy ‘sendin diregim,sende gözm,yüregim sana tarap’Sowuk garadypdyn meni.Bilyanmi yene name diydi,’Sen mana in yakyny,kybapdaşy’.Sen name diydin ‘belki oyundyr’ Münnüldedip yüregimi ugrukdyrdyn,yalnyş hem bolsa meni habardar etmelidin.Yoluny tapardym,sebabi dine ony söyyadim,söyyanem,kyyamata çenli yanym bilen akitjegem.Seni,seni bolsa,yok akitmerin,sen meni isleman saylan ykbalyma ugrukdyryjy boldun.Seni mundan beyle görmek,sen hakda eşitnek,hatda barlygyny hem islamok,sen bu zatlaryn asyl sebapkari.Yalnyşymyn enesi atasy sen..

Kadyr tizlik bilen sag elini yokary galdyrdyda,ak köyneklinin yüregine tarap batly indirdi.

Gömgök ay şöhlesinin yüzi birden üytgedi.Kadyryn agyr bedeni zarply gumaşak meydança yykyldy,yerde yatan yadaw mele gumlar gök şöhla garyşyp gitdi.

Ak eşikli adam bolsa pyçagy goyberdide aya tarap howalandy,bir hayukdan gök asmanda dyrpytrak bolup yitip gitdi.

Asman yene asudady,ayyn gök şöhlesi bolsa hemme yerdedi

Yorum Yaz
Arkadaşların Burada !
Arkadaşların Burada !